Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bezekde olar Adonybezege sataşdylar, onuň bilen söweşip, ony ýeňdiler, kenganlary we perizleri derbi-dagyn etdiler. Ysraýyllaryň ähli tireleriniň ýolbaşçylary Hudaýyň adamlarynyň ýygnagyna üýşdüler. Gylyçlaryny ýalaňaçlan dört ýüz müň sany esger hem şol ýerdedi. Şol gün benýaminleriň galalaryndan ýygnanyp, naýzalaryny ýalaňaçlan esgerleriniň sany ýigrimi alty müň adam boldy. Ondan başga-da, Gibga galasyndan ýygnanan esgerleriň sany ýedi ýüz adamdan ybarat boldy. Şol adamlaryň içindäki ýedi ýüz sany saýlama esger çepbekeýdi, olaryň sapan bilen atýan daşy saçyň taryna degmän geçmezdi. Diňe benýaminler däl, eýsem, ysraýyllar-da gylyçlaryny ýalaňaçlapdylar, olaryň sany dört ýüz müň adamdan ybaratdy, hemmesi-de uruşmaga ukyplydy. Ýowap ilat ýazuwynyň netijesi bilen patyşany habardar etdi: Ysraýylyň eli gylyç tutup biljek adamlarynyň sany sekiz ýüz müň, Ýahudanyňky bolsa bäş ýüz müň adam bolup çykdy.
Выбор основного перевода