Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Indi menden öň aşak, Gilgala in. Ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny bermek üçin, ol ýere men hem barjak. Ýedi gün garaşanyňdan soň, ýanyňa baryp, näme etmelidigiňi aýdaryn». Soňra Şamuwel Mispada ysraýyl halkyny Rebbiň huzuryna çagyryp, Soňra Şamuwel halka patyşanyň düzgünlerini we kadalaryny düşündirdi. Olary kitaba ýazyp, şol ýerde, Rebbiň huzurynda goýdy. Şondan soň Şamuwel adamlary öýli-öýüne ugratdy. Şawulyň piliştli goşuny derbi-dagyn edendigini ysraýyllar eşidenlerinde, piliştlileriň özleri bilen öjügendiklerini duýup, olar Gilgala Şawulyň ýanyna ýygnandylar. Şamuwel oňa: «Seniň gylyjyň aýallary öz çagalaryndan mahrum etdi. Seniň öz ejeň hem, goý, şol aýallar ýaly perzendinden mahrum bolsun» diýdi we Agagy Gilgalda Rebbiň huzurynda kerçäp taşlady.
Выбор основного перевода