Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Timoteosa haty
1 2 3 4 5 6
Параллельные места
Talaňçylyga siz bil baglamaň, ogurlyga umyt baglamaň, baýlyk artsa, oňa kalbyňyz bermäň. Baýlygyna baýrynýan ýykylar, dogrular bolsa täze baldak ýaly öser. Şeýle hem Hudaý bir adama baýlyk, mal-mülk berip, oňa bulardan lezzet almaga, takdyryna kaýyl bolup, öz zähmetinden lezzet almaga kuwwat beren bolsa, bu Hudaýyň peşgeşidir. Ynsan ömrüniň günlerini köp ýatlamaz, çünki Hudaý onuň kalbyny şatlyk bilen eýeleýär. Ýesirler olary ýaňsylap diýýärler: «Ogurlanan zatlary toplaýanyň dat gününe! Haçana çenli agyr girewleri öz üstüňe aljak?» Muňa garamazdan, Ol Özüniň bardygyny hiç haçan subutsyz goýmaýar. Serediň! Size ýagşylyk edip, asmandan ýagyş ýagdyrýar, möwsüminde hasyl berýär, garnyňyzy birkemsiz doýrup, ýürekleriňizi şatlykdan doldurýar» diýdiler. Biri-biriňiz bilen oňşukly boluň. Tekepbir bolmaň, sada adamlar bilen dost boluň, özüňizi beýlekilerden akylly saýmaň. Çünki biz hemme adamlaryň, ylaýta-da imanlylaryň Halasgäri bolan diri Hudaýa bil baglamak bilen, şol wadanyň hatyrasyna zähmet çekip, yhlas edýäris.
1 Timoteosa haty
1 2 3 4 5 6
Выбор основного перевода