Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Timoteosa haty
1 2 3 4 5 6
Параллельные места
Ýaryşa gatnaşýan her kes özerkliligi türgenleşdirýändir. Ol muny wagtlaýyn bir täji almak üçin edýär. Biz bolsa muny baky täji almak üçin edýändiris. Şoňa görä-de, men maksatsyz ylgaýanlar ýaly ylgamaýaryn, howany ýumruklaýan kişi ýaly hereket etmeýärin. Eý, oglum Timoteos, sen barada aýdylan pygamberlikleri nazara alyp, saňa şuny berk tabşyrýaryn: bu pygamberliklere daýanyp, ökde söweşiji kimin söweş, Köp şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek ygtybarly adamlara tabşyr. Isa Mesihiň hakyky esgeri bolup, biziň iman ugrunda görýän görgülerimize şärik bol. Harby gullukdaky esger gündelik durmuşa degişli işlere ulaşýan däldir. Ol öz serkerdesiniň göwnünden turmak isleýändir. Şunuň ýaly, ýaryşa gatnaşýan pälwan hem ýaryşyň şertlerini berjaý etmese, baýrak almaz. Janypkeş daýhan hem öz hasyl paýyny ilkinji bolup almalydyr. Şu aýdýanlarym barada oýlan. Bularyň baryna düşüneriň ýaly, Rebbiň Özi saňa düşünje berer.
1 Timoteosa haty
1 2 3 4 5 6
Выбор основного перевода