Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Timoteosa haty
1 2 3 4 5 6
Параллельные места
Eý, gullar, ýerdäki hojaýynyňyzyň sözüne edil Mesihiň sözüne gulak asýan ýaly, gorky we titreme bilen çyn ýürekden gulak asyň. Hudaýyň Hoş Habaryna dil ýetirilmez ýaly, goý, bu garry aýallar gelinlere öz ärlerini, çagalaryny söýmegi, özlerine erk etmegi, päk ahlakly, öýleri babatda yhlasly, mylaýym we ärlerine tabyn bolmagy öwretsinler. Ýaş ýigitlere hem özlerine erk etmegi ünde. Ýagşy işleriň bilen olara ähli zatda görelde bol. Taglymaty sap ýürekden agraslyk bilen öwret, sözleriň müýnsüz we şübhesiz bolsun. Şonda bize garşy çykýanlar ýamanlamaga gep tapman, utanja galarlar. Gullara öz hojaýynlaryna her zatda tabyn bolmagy we olaryň göwnünden turmagy ünde. Olar hojaýynlara dil gaýtarmasynlar, zat ogurlamasynlar, gaýtam her zatda örän wepaly bolsunlar. Şeýdip, olar Halasgärimiz Hudaýyň taglymatynyň her jähtden ajaýypdygyny tassyklarlar.
1 Timoteosa haty
1 2 3 4 5 6
Выбор основного перевода