Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Onuň gabry pisler bilen boldy. Ol baý adamyň ýanynda jaýlandy, ol hiç hili sütem etmändi, agzyndan ýalan sözler çykmandy. Siziň haýsyňyz Maňa günä ýöňkäp bilersiňiz? Eger Men hakykaty aýdýan bolsam, onda näme üçin siz Maňa iman etmeýärsiňiz? Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi. Mesihiň bolsa bizi günälerimizden saplamak üçin gelendigini bilýänsiňiz. Onda asla günä ýokdur. Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi, emma şonda-da agzyny açmady. Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek, hiç agzyny açmady ol. Isa gaty ses bilen gygyryp: «Atam! Ruhumy Seniň eliňe tabşyrýaryn» diýdi-de, jan berdi. Ýahudylar Oňa: «Saňa jyn uran samariýaly diýip, biz dogry aýdypdyrys!» diýdiler. Isa olara jogap berip: «Meni jyn uranok! Men Atamy hormatlaýaryn, emma siz Meni hormatlamaýarsyňyz. Men Özüme şöhrat agtarmaýaryn, Men şöhratlandyrýan Biri bar. Kazylyk Edýän-de Oldur. Siz aryp, ruhdan düşmez ýaly, Isa hakda pikir ediň. Ol günäliler tarapyndan köp ezýet çekip, hemmesine çydady. Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, alkyş bilen jogap beriň, sebäbi siz şunuň ýaly ýaşamaga çagyrylansyňyz.
Выбор основного перевода