Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. Şonda Isa olara: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Her bir ynsan öz üstünden höküm sürýän häkimiýete tabyn bolsun, sebäbi Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur. Höküm sürýän häkimiýetler Hudaý tarapyndan bellenendir. Şoňa görä, häkimiýete garşy çykýan her kes Hudaýa garşy çykyp, jeza duçar bolar. Ýagşy iş edýänler häkimiýet ýolbaşçylaryndan gorkmaýarlar. Olardan ýaman iş edýänler gorkýandyrlar. Häkimiýetden gorkman ýaşasyň gelýärmi? Ýagşy işleri et, şonda häkimiýet seni taryplar. Sebäbi häkimiýet ýolbaşçysy seniň ýagşylygyň üçin Hudaýyň hyzmatkäridir. Ýaman iş edýän bolsaň, häkimiýet ýolbaşçysyndan gork, sebäbi ol gylyjy ýöne ýere göterýän däldir. Ol Hudaýyň hyzmatkäridir, ýaman iş edeni jezalandyryp, Hudaýyň gazabyny onuň üstünden inderýändir. Şoňa görä, diňe jeza duçar bolmak gorkusyndan däl, eýsem ynsabyňyzy päk saklamak üçin häkimiýete tabyn bolmalydyr. Siz salgytlary hem şu sebäbe görä töleýänsiňiz. Sebäbi häkimiýet ýolbaşçylary öz borçlaryny berjaý etmek bilen, Hudaýa hyzmat edýändirler. Şoňa görä-de, her kese berilmelisini: salgyt bolsa – salgydy, gümrük bolsa – gümrügi, gorky bolsa – gorkyny, hormat bolsa – hormaty beriň. Eý, oglum, imanlylara häli-şindi şulary ýatladyp dur: goý, olar hökümdarlara we ygtyýarlylara gulak asyp, olara tabyn bolsunlar, islendik wagt ýagşylyk etmäge taýyn bolsunlar.
Выбор основного перевода