1 Korintoslylara haty 7:22
Çünki gul wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Onuň azat bendesidir. Şonuň ýaly, azat wagty Reb tarapyndan çagyrylan kişi Mesihiň guludyr.
Isa Mesih bizi azat etmek üçin boşatdy. Şonuň üçin-de berk duruň, gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň.
Eý, doganlarym! Siz azat bolmaga çagyrylansyňyz. Ýöne bu azatlygyňyzy ynsan höwesleriňizi kanagatlandyrmak üçin ulanmaň. Gaýtam, birek-birege söýgi bilen hyzmat ediň.