Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Korintoslylara haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Sabat gününiň ertesi siz Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür eden dessäňizi getiren günüňizden sanap, doly ýedi hepdäni geçiriň. Ýedinji Sabadyň ertesi, ellinji gün Rebbe täze galla sadakasyny hödürläň. Siz ýaşaýan ýerleriňizden iki çöregi Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür ediň. Olaryň her biri ondan iki batmana barabar saýlama bugdaý ununa ýugrulyp, ilkinji miwe hökmünde hamyrmaýaly bişirilen bolsun. Çörek bilen birlikde şikessiz toklulardan ýedisini, bir öküzçäni we iki goçy hödür ediň. Bular Rebbe ýakma gurbanlyk bolsun. Olar Rebbe ot üsti bilen berilýän galla sadakasy we hödür edilen içgi bilen birlikde Rebbe hödür edilsin. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. Şeýle hem siz günä gurbanlygy üçin bir erkeji we salamatlyk gurbanlygy üçin iki sany goçy hödürläň. Ruhany bulary iki guzy we ilkinji hasyl çöregi bilen birlikde Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. Bular Rebbe bagyş edilip, ruhanynyňky bolmalydyr. Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. Bu nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun. Bugdaý orup başlan ilkinji günüňizden başlap, ýedi hepdäni sanaň. Soňra Hudaýyňyz Reb üçin Galla baýramyny belläň. Hudaýyňyz Rebbiň özüňize beren berekedine görä meýletin sadakaňyzy getiriň. Siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, şeýle hem araňyzdaky gelmişekler, ýetimler we dullar Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde şatlansynlar. Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy. Pawlus üç aýlap sinagoga baryp, ol ýerde halka ynandyryjy deliller bilen Hudaýyň Şalygy barada batyrgaý wagyz etdi.
1 Korintoslylara haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Выбор основного перевода