Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Korintoslylara haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Eý, Rebbe umyt baglaýanlaryň bary, batyr boluň, kuwwatlansyn ýürekleriňiz! Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz. Akylyňyza aýlanyň, günä etmegi bes ediň. Siziň araňyzda Hudaýy tanamaýanlar hem bar. Men muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn. Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz. Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň. Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin. Şoňa görä-de, eý, doganlar, indi imanda berk duruň! Bizden söz ýa hat arkaly öwrenen taglymatyňyza berk ýapyşyň. Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir. Men basym bararyn. Täjiňi hiç kim almaz ýaly, imanda berk dur. Ine, men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açanyň öýüne girerin. Men onuň bilen, ol hem Meniň bilen bir saçak başynda tagam iýer.
1 Korintoslylara haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Выбор основного перевода