Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Korintoslylara haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Hanany şeýle jogap berdi: «Ýa Rebbim Isa! Men köp kişilerden bu adamyň Iýerusalimde Seniň saýlap-seçenleriňe eden ençeme ýamanlyklary barada eşitdim. Şonda şägirtleriň ählisi güýçleriniň ýetdiginden ýahudyýaly doganlara goldaw üçin pul ýollamagy karar etdiler. Mukaddes Ruh tarapyndan Rebbiň sözüni Aziýa welaýatyna wagyz etmeklik bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler. Imandaky doganlaryňyz mätäçlik çekse, olara kömek beriň, myhmansöýer boluň. Indi bolsa, eý, doganlar, Hudaýyň Makedoniýanyň ýygnaklaryna beren merhemeti barada bilmegiňizi isleýäris. Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi. Men, resul Pawlus we ýanymdaky doganlarymyň ählisi Galatýadaky imanlylar ýygnagyna şu hat bilen dogaýy salam iberýäris. Meni resullyga ynsanlar däl-de, Isa Mesih we Ony ölümden direlden Ata Hudaý belledi. Ýöne olar mätäçlik çekýän doganlary ýatdan çykarman, olara kömek etmegimizi haýyş etdiler. Men hem muny berjaý etmek üçin elimde baryny gaýgyrmadym.
1 Korintoslylara haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Выбор основного перевода