Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýahýanyň birinji haty
1 2 3 4 5
Параллельные места
Isa suwa çümdürilip çykan badyna gökler açyldy. Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi. Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi. Men hakda şaýatlyk edýän başga Biri bar. Onuň Özüm hakdaky şaýatlygynyň dogrudygyny Men bilýärin. Siz Ýahýanyň ýanyna adamlar ýolladyňyz, ol hem hakykata şaýatlyk etdi. Men ynsan şaýatlygyna mätäç bolmasam-da, muny siziň halas bolmagyňyz üçin aýdýaryn. Ýahýa nur saçýan yşyk ýalydy. Siz az salym hem bolsa, onuň yşygyna guwanmak islediňiz. Emma Meniň Ýahýanyňkydan has beýik şaýatlygym bar, sebäbi berjaý etmegim üçin Atanyň Özüme tabşyran işleri, ýagny şu edýän işlerim Meni Atanyň iberendigine şaýatlyk edýär. Meni iberen Atanyň Özi hem Men hakda şaýatlyk etdi. Ýöne siz Onuň ne sesini eşitdiňiz, ne-de ýüzüni gördüňiz. Töwratda iki adamyň şaýatlygy hak diýlip ýazylgydyr. Men Özüm hakda şaýatlyk edýärin, Meni iberen Ata-da Men hakda şaýatlyk edýär» diýip jogap berdi.
Ýahýanyň birinji haty
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода