Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýahýanyň birinji haty
1 2 3 4 5
Параллельные места
Onsoň Meni çagyrarsyňyz, gelip, Maňa doga okarsyňyz, Men-de sizi eşiderin. Meni agtararsyňyz; bütin ýüregiňiz bilen agtaran mahalyňyz Meni taparsyňyz. Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. Atam Ogly arkaly şöhratlanar ýaly, Meniň adym bilen näme dileseňiz, dilegiňizi bitirerin. Mende mesgen tutup, sözlerimi ýüregiňizde saklasaňyz, näme dileseňiz, size berler. Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. Şol gün Menden hiç zat soramarsyňyz. Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. Mähribanlarym, eger wyždanymyz bizi ýazgarmasa, onda Hudaýyň huzurynda ynamly bolarys. Ondan näme dilesek alarys, sebäbi biz Onuň buýruklaryny berjaý edip, Ony hoşnut edýän işleri edýändiris.
Ýahýanyň birinji haty
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода