Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýahýanyň birinji haty
1 2 3 4 5
Параллельные места
Isa suwa çümdürilip çykan badyna gökler açyldy. Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi. Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi. Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň. Atam Ikimiz birdiris» diýip jogap berdi. Meniň size Atamdan iberjek Hemaýatçym, ýagny Atamdan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda şaýatlyk eder. Emma Hakykat Ruhy gelen wagty sizi tutuş hakykata alyp gider. Ol Öz-Özünden geplemez, näme eşitse, şony geplär we geljek zatlary size aýan eder. Ol Meni şöhratlandyrar, sebäbi Menden eşiden zatlaryny size aýan eder. Atamyň ähli zatlary Meniňkidir. Şonuň üçin Menden eşiden zatlaryny size aýan eder diýdim.
Ýahýanyň birinji haty
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода