Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Maňa Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryny bozmaga gelendir öýtmäň. Men bozmaga däl-de, olary amala aşyrmaga geldim. Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň. Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň. Goý, siziň ilkibaşdan eşiden sözüňiz kalbyňyzda ornasyn. Şonda siz Ogul bilenem, Ata bilenem ýaşarsyňyz. Mähribanlarym, biz indi Hudaýyň perzentleridiris. Biziň nähili özgerjekdigimiz entek belli däl, emma Mesihiň geljek pursadynda Oňa meňzejekdigimizi bilýäris, sebäbi Ony bolşy ýaly göreris. Siz biri-birimizi söýmelidigimiz barada owal-başdan eşidensiňiz. Eý, hormatly zenan! Atamyz Hudaýyň buýruşy ýaly, birnäçe perzentleriňiň hakykata eýerip ýaşaýandygyny görüp, gaty şat boldum. Indi saňa bir haýyşym bar: biri-birimiz bilen söýgüde ýaşalyň. Men saňa bir täze buýruk ýazamok, bu ilkibaşdan bize mälim buýrukdyr. Söýgi – bu Hudaýyň buýrugyna görä ýaşamakdan ybarat. Owal-başdan eşidişiňiz ýaly, Hudaý biri-biriňizi söýüp ýaşamagy buýurdy.
Выбор основного перевода