Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Meniň buýruklarymy berjaý edýän kişi Meni söýýändir. Meni söýýäni Atam-da söýer. Men hem ony söýerin we Özümi oňa aýan ederin». Isa oňa şeýle jogap berdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi berjaý eder. Atam hem ony söýer. Men Atam bilen ol adamyň ýanyna baryp, onuň bilen ýaşarys. Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň. Hiç kim hiç haçan Hudaýy gören däldir. Emma biz biri-birimizi söýýän bolsak, onda Hudaý biziň bilen ýaşaýandyr, Onuň söýgüsi kalbymyza ornaşandyr. Şeýlelik bilen söýgi bizde kämilleşip, kyýamat güni bize ynam berer. Sebäbi biz bu dünýäde edil Mesih ýaly ýaşaýarys. Hudaýy söýmek Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir. Onuň buýruklary bolsa agyr däldir.
Выбор основного перевода