Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Bu biwepa, günäkär nesliň arasynda kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Atasynyň şöhratynda mukaddes perişdeleri bilen gelen mahaly ondan utanar». Şeýlelikde, Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony iberen Ata-da hormat goýýan däldir. Onsoň Isadan: «Seniň Ataň nirede?» diýip soradylar. Isa olara: «Siz ne Meni tanaýarsyňyz, ne-de Meniň Atamy. Meni tanaýan bolsadyňyz, Meniň Atamy-da tanardyňyz» diýdi. Isanyň Hudaýyň Ogludygyny ykrar edýän her bir adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr. Isanyň Mesihdigine ynanýan her bir adam Hudaýyň perzendidir. Atany söýýän adam Onuň perzendini-de söýýändir.
Выбор основного перевода