Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
«Şol wagt seniň halkyňy goraýan baş serdar Mikaýyl öňe çykar. Şonda milletler döräli bäri görlüp-eşidilmedik jebir-jepaly döwür geler. Emma şol wagt seniň halkyňdan ady kitapda ýazylanlaryň ählisi halas bolar. Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar. Isa bulary aýdandan soňra, resullar seredip durka, bir bulutda ýokary göterildi. Mundan soň resullar Ony görmeseler-de, henizem gözlerini göge dikip durdular. Birdenkä ak eşikli iki adam olaryň alnynda peýda bolup: «Eý, jelileliler! Näme üçin göge seredip dursuňyz? Isanyň göge göterilenini gözüňiz bilen gördüňiz ahyry. Ol göge nähili göterilen bolsa, hut şonuň ýaly hem gaýdyp geler» diýdiler.
Выбор основного перевода