Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Diýmek, Isa Mesihde imanly bolup aradan çykanlar hem heläk bolandyr. Ýöne Isa Mesih hakykatdan-da ilkinji bolup ölümden direldi. Bu beýleki merhumlaryň hem direljekdigini kepillendirýär. Şol wagtlar siz Mesihden aýrydyňyz, Ysraýyl raýatlygyndan mahrumdyňyz, Hudaýyň wada berip, Öz halky bilen eden ähtleri size degişli däldi. Siz bu dünýäde Hudaýsyz we umytsyzdyňyz, Atamyz Hudaý bizi söýüp, Öz merhemeti arkaly bize ebedi teselli bilen ýagşy umyt berdi. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we Atamyz Hudaý size teselli bersin, her bir ýagşy işde we sözde size güýç bersin.
Выбор основного перевода