Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Ogurlyk eden indi ogurlyk etmesin! Gaýtam, öz elleri bilen zähmet çekip, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, peýdaly iş etsin. Eý, doganlar, bikär gezip, biziň taglymatymyza görä ýaşamaýan her bir dogandan daş durmagy Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan size buýurýarys. Biziň göreldämize nähili eýermelidigini özüňiz bilýänsiňiz. Biz siziň araňyzdakak, bikär gezmedik, hiç kimiň çöregini mugt iýmedik. Gaýtam, siziň hiç biriňize agram salmajak bolup, gije-gündiz işläp, zähmet çekdik. Biziň sizden ýardam almaga hakymyz bolsa-da, ony talap etmedik. Sebäbi göreldämize eýerip bileriňiz ýaly, muny size nusga bolmak üçin etdik. Biz hatda siziň ýanyňyzdakak: «Kim işlemek islemeýän bolsa, damak-da iýmesin» diýip buýrupdyk. Emma biz araňyzda käbirleriňiziň bikär gezýändigini eşidýäris. Olar öz işleri bilen bolman, başgalaryň işine goşulýarlar. Şeýle adamlara gep-gürrüňsiz işlemegi we öz çöreklerini gazanmagy Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan tabşyryp ýalbarýarys.
Выбор основного перевода