Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Kazylaryňy ozalky halyna, maslahatçylaryňy öňki halyna dikelderin. Şondan soň saňa: „Dogrulyk şäheri, sadyk şäher“ diýler». Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna – Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men olara öňki abadançylygyny gaýtaryp berenimde, olar Ýahuda ýurdunda we onuň şäherlerinde ýene-de şu sözleri aýdarlar: „Reb seni ýalkasyn, eý, dogrulyk mekany, eý, mukaddes dag!“ Meniň bilen gepleşen perişde maňa şeýle diýdi: «Şu habary jar et we Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men Iýerusalimi, hawa, Siony juda gabanýaryn. Men Öz halkymy diňe ýeňil jezalandyrmakçydym, emma asudalykda biperwaý oturan bu halklar olaryň başyna düşen külpeti has hem artdyrdylar. Indi bu halklara Meniň gaty gaharym gelýär“». Şoňa görä, Reb şeýle diýýär: «Men duýgudaşlyk bilen Iýerusalime tarap öwrülerin. Meniň ybadathanam şol ýerde gurlar we Iýerusalimi dikeltmek üçin ölçeg ýüpi çekiler. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn». Şuny-da jar edip, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Meniň şäherlerim ýene bolelinlige ýeter. Men-Reb Siony ýene köşeşdirerin we Iýerusalimi ýene saýlaryn».
Выбор основного перевода