Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Hudaýyňyz Rebbiň çölde nähili gaharyny getirendigiňizi ýadyňyza salyň we ony unutmaň. Müsür ýurdundan çykan günüňizden, tä bu ýere gelen günüňize çenli siz Rebbe garşy baş göterdiňiz. Siz hatda Horepde Rebbiň gaharyny getirdiňiz. Rebbiň size şeýle bir gahary geldi, hatda Ol sizi ýok edip taşlamaga-da taýýardy. Tabgerada-da, Masada-da, Kibrothatawada-da Rebbiň gaharyny getirdiňiz. Men olary sogrup taşlamagyň we ýykmagyň, ýer bilen ýegsan edip, ýok etmegiň, üstlerinden betbagtlyk indermegiň çemini nähili aňtan bolsam, gurup, bina etmegi hem şonça aňtaryn. Muny Reb aýdýandyr. Çünki Reb şeýle diýýär: „Bu halkyň başyna şu elhenç betbagtlygy nähili getiren bolsam, olara häzirki söz beren ähli ýagşylyklarymy-da şeýle getirerin. Muny Men-Reb aýtdym, bu berjaý bolar, Men ony ederin. Jezaňy geçmerin, gaýgyrmaryn we haýpym gelmez. Öz tutan ýollaryňa we işleriňe laýyklykda saňa höküm çykarylar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Выбор основного перевода