Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onunjy güni şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi. Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onuna şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi. «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Dördünji, bäşinji, ýedinji hem--de onunjy aýlardaky agyz bekleýän günleriňiz ýahuda halky üçin şatlyk-şagalaň, dabaraly baýramçylyklar bolar. Şoňa görä hakykaty hem parahatlygy söýüň“». Ýurtda her kowumyň maşgalasy özbaşdak, aýallary aýry, erkekleri aýry ýas tutar: Dawudyň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry; Natanyň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry; Lewiniň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry; Şimginiň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry; şeýle hem ähli galan kowumlaryň erkekleri aýry, aýallary aýry ýas tutar».
Выбор основного перевода