Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Men sizi çagyrdym, meni ret etdiňiz; elimi uzatdym, hiç kim oňa üns bermedi. Gaýtam ähli maslahatymy ret etdiňiz, meniň käýinjimi duýmak islemediňiz. Men-parasat betbagtlygyňyza gülýändirin; sizi gorky basanda ýaňsylaryn. Sizi gorky gaý kimin basanda, betbagtlyk harasat bolup inende, muşakgat hem gaýgy başyňyza düşende, meni çagyrarsyňyz, ýöne men jogap bermerin. Meni ir ertirden agtararsyňyz, emma tapmarsyňyz. Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr. Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men olaryň başyndan bela indererin, olar gaçyp, gutulyp bilmezler. Olar Maňa dady-perýat ederler, emma Men olary diňlemerin. Munuň üçin Men-de gahar-gazap bilen hereket ederin, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Gaty ses bilen gulagyma gygyrsalar-da, olary diňlemerin». Soňra olar Rebbe dady-perýat ederler. Emma Reb olara jogap bermez. Ol ýüzüni olardan gizlär, çünki olar pis işleri etdiler.
Выбор основного перевода