Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Ussalar Rebbiň ybadathanasynyň düýbüni tutanlarynda, Ysraýyl patyşasy Dawudyň girizen düzgünine görä, ýörite lybaslaryny geýnen ruhanylar surnaýlar, Asafyň neslinden bolan lewiler bolsa kimwallar alyp, Rebbe alkyş aýtmak üçin öňe çykdylar. Olar Rebbi alkyşlap, Oňa şükür edip: «Reb ýagşy, Onuň Ysraýyla bolan söýgüsi baky» diýip, nagma aýtdylar. Rebbi alkyşlanlarynda, bütin halk uly şowhun etdi, sebäbi Rebbiň öýüniň düýbi tutulypdy. Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy. Ähli dereler beýgeldiler, ähli daglar we depeler peseldiler, aňňat ýerler tekizlener, beýikli-pesli ýerler düzlüge öwrüler. Ähli daglarymy ýola öwrerin, şaýollarym belende galdyrylar. Men saňa garşydyryn, eý, weýran edýän dag! Bütin dünýäni ýykan dag! Muny Reb aýdýandyr. Elimi saňa garşy uzadyp, seni gaýalardan aşak togalaryn, seni ýanan daga öwrerin. Öňden barýanlar we yzdan gelýänler: «Hudaýa öwgüler bolsun! Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun!
Выбор основного перевода