Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Sap altyndan çyradan ýasat. Çyradanyň esasy we şahasy döwme sap altyndan bolsun. Çyradanyň gülkäsesi, gül-gunçasy we gülýapragy özi bilen bir bitewi bolsun. Çyradanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, onuň jemi alty şahasy bolsun. Şahalarda badam gülüniň şekilinde gülkäse bolsun. Gül-gunçasy bilen gülýapragyny hem ýasaň. Beýleki şahalarda hem hut şunuň ýaly bolsun, umuman, alty şahanyň hemmesini bir meňzeş edip ýasaň. Çyradanyň ortasyndaky şahada badam gülüne meňzeş dört sany gülkäse bolup, olaryň hem gül-gunçasy we gülýapragy bolsun. Her jübütiň astynda bir gunça bolup, hemmesi bilelikde jemi alty şaha çyksyn. Çyradanyň gunçalaryny we şahalaryny bir bitewi edip ýasat. Onuň tutuş özi döwme sap altyndan ýasalsyn. Çyradan üçin ýedi çyra dak. Çyralar çyradanyň öňüne ýagty saçar ýaly, olary onuň depesine dak. Onuň müçenegi we nowasy sap altyndan bolsun. Çyradan we oňa degişli ähli enjamlar bir ýarym batman sap altyndan ýasalsyn. Ine, sen bularyň hemmesini dagda saňa görkeziljek nusganyň esasynda ýasarsyň. Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Ýermeýa, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Badam agajynyň şahasyny görýärin» diýdim. Maňa ýene Rebbiň sözi gelip, Ol: «Näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Demirgazykda biz tarapa gyşaryp gaýnap duran gazany görýärin» diýip jogap berdim. Ol menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir sebet ýetişen miwäni görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb maňa şeýle diýdi: «Meniň halkym Ysraýylyň soňy ýetip geldi. Mundan beýläk olary bagyşlamaryn. Men özüm bilen gepleşýäni görjek bolup, ses gelen tarapa öwrüldim. Öwrülenimde, ýedi altyn çyradany, Tagtdan ýyldyrymlar çakýardy, batly sesler we gök gürrüldisi eşidilýärdi. Tagtyň öňünde ýedi çyra ýanyp durdy, bu Hudaýyň ýedi Ruhudy.
Выбор основного перевода