Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Reb meni ol ýere getirdi. Ine, bir adam peýda boldy, daş keşbi bürünç ýaly ýalpyldaýardy, elinde zygyrdan edilen ýüp we bir ölçeg taýagy bardy; ol derwezede durdy. Meniň bilen gepleşen perişdäniň elinde şäheri, onuň derwezelerini we diwaryny ölçär ýaly altyndan ölçeg taýagy bardy. Şäher dörtburçluk şekilinde bolup, onuň boýy bilen ini deňdi. Perişde şäheri ölçedi. Şäheriň boýy iki müň iki ýüz çakrym bolup çykdy. Onuň ini, beýikligi hem boýy ýalydy. Perişde şäheriň diwaryny-da ölçedi. Diwaryň beýikligi ýüz kyrk dört tirsek çykdy. Perişde bulary ölçände, ynsanlaryň ulanýan ölçegini ulandy.
Выбор основного перевода