Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Men siziň araňyzda bolup, siziň Hudaýyňyz bolaryn, sizem Meniň halkym bolarsyňyz. Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!» Men olaryň arasynda mekan tutaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar. Mukaddes öýüm ebedilik olaryň arasynda ýerleşende, milletler Ysraýyly mukaddes edeniň Men-Rebdigimi bilerler». Heşelle kak, eý, Sion gyzy, batly ses bilen gygyr, eý, Ysraýyl! Bütin kalbyňyz bilen joşup şatlanyň! Eý, Iýerusalim gyzy! Reb siziň garşyňyza jezany ýatyrdy, duşmanlaryňyzy kowdy. Ysraýyl patyşasy Reb siziň araňyzda, mundan beýläk betbagtçylykdan gorkmarsyňyz. Reb şeýle diýýär: «Men Siona tarap öwrülerin we Iýerusalimde mekan tutaryn. Iýerusalim „Wepaly şäher“ diýlip atlandyrylar. Hökmürowan Rebbiň dagy „Mukaddes dag“ diýlip atlandyrylar».
Выбор основного перевода