Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Soňra ol adam meni öwrüp, Hudaýyň öýüniň girelgesine getirdi. Öýüň bosagasynyň aşagyndan gündogara tarap suw akýardy. Öý gündogara tarap bakýardy. Suw öýüň sag tarapyndan, gurbanlyk sypasynyň günortasyndan inýärdi. Soňra ol meni demirgazyk derwezesiniň ýoly bilen ýüzi gündogara bakyp duran daşky derwezä alyp geldi, suwlar daşky derwezäniň günorta tarapyna akýardy. Ýaňky adam eli ölçeg ýüpli gündogara tarap çykanda, müň tirsek ölçäp, meni suwdan geçirdi; suw topuga çykýardy. Ýene müň tirsek ölçäp, meni suwdan geçirdi; suw dyza çykýardy; ýene müň tirsek ölçäp, meni suwdan geçirdi; suw bile çykýardy. Ol ýene müň tirsek ölçedi; suw bir derýa boldy. Suw ýokary göterilendigi sebäpli men onuň içinden geçip bilmedim. Ondan ýüzüp geçäýmeseň, ýöräp geçip boljak däldi. Ol maňa: «Gördüňmi, eý, ynsan ogly?» diýdi. Onsoň meni derýanyň kenaryna öwrüp getirdi. Öwrülip gelenimde, ine, derýanyň kenarynyň her ýan tarapynda köp agaçlar bardy. Ol maňa şeýle diýdi: «Bu suwlar gündogardaky ülkelere tarap akýar we Iordan deresine inip, deňze guýanda, deňziň ýata suwlary süýji suwa öwrüler. Men demirgazyk leşgerini sizden uzaklaşdyryp, äkiderin ony suwsuz boş ýere, gündogar deňzine – onuň öňüni, günbatar deňzine – onuň ardyny. Göteriler göge maslyk yslary, elhepus, ol etdi beýik işleri! Isa oňa: «Sen Hudaýyň peşgeşini we özüňden suw diläniň kimdigini bilsediň, özüň Ondan suw dilärdiň, Ol-da saňa ýaşaýyş suwuny bererdi» diýdi. Soňra perişde maňa aýna ýaly ýalpyldaýan derýany görkezdi. Bu derýada ýaşaýyş suwy akýardy. Ol Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykyp gaýdýardy.
Выбор основного перевода