Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Sap altyndan bezeg şaýyny ýasa. Möhür dek, onuň ýüzüne „Rebbe bagyş edilen“ diýen sözleri oýup ýaz. Bu bezegi gök sapak bilen selläniň öň tarapyna berkit. Harun muny maňlaýyna daksyn. Bu Meniň üçin nyşan bolar: ysraýyllar Maňa bagyşlap getiren sadakalary babatda günä edenlerinde, bu günä Harunyň üstünde bolar. Şonuň üçin-de, Harun bu bezegi hemişe maňlaýyna daksyn, şonda olar Meniň huzurymda ýalkanarlar. Şeýle hem Hiram on sany bürünç legen ýasady. Her legen on bäş hum tutýardy; her legen dört tirsekdi; on arabanyň hersiniň üstünde bir legen bardy. Reb şeýle diýýär: «Eý, Sion gyzy! Tur, döwek döw! Şahyňy demirden, toýnaklaryňy bürünçden ederin Men. Onsoň sen köp halklary ezersiň. Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň». Hökmürowan Reb halkyny gorap saklar. Halk öz duşmanlaryny ýok edip, sapan bilen uruşýanlary depeläp ýenjerler. Toýda şerap içen ýaly içip gygyryşarlar. Olar gurbanlyk legeni ýaly gandan doly bolup, gurbanlyk sypasynyň burçlary kimin gandan dolarlar.
Выбор основного перевода