Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Onuň göwsünden emip, doýarsyňyz, teselli taparsyňyz; ganyp-ganyp içip, doly göwsünden lezzet alarsyňyz. Şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy Reb halkymy bakýan çopanlar hakda şeýle diýýär: „Siz Meniň sürimi dargatdyňyz, kowduňyz, olary idetmediňiz. Ine, Men ýaramaz işleriňiz zerarly sizi jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr. «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl çopanlarynyň garşysyna pygamberlik et. Pygamberlik edip, olara, ýagny çopanlara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Özlerini bakyp ýören Ysraýyl çopanlarynyň halyna waý! Çopanlar sürini bakmaly dälmidir? Siz ýag iýip, ýüňden eşik geýýärsiňiz; semiz goýunlar soýýarsyňyz, emma sürini bakmaýarsyňyz. Siz ejizi kuwwatlandyrmadyňyz, syrkawy bejermediňiz, ýaralynyň ýarasyny daňmadyňyz, azaşany yzyna getirmediňiz we ýitigi idemediňiz; gaýtam, zorluk hem rehimsizlik bilen olaryň üstünden agalyk etdiňiz. Çopanyň ýokdugy sebäpli olar dargadyldy; olar dargadylanda, ýyrtyjy haýwanlara şam boldular. Goýunlarym bütin daglarda we belent depelerde ygyp gezdiler; Meniň goýunlarym bütin ýer ýüzüne dargady, olary soran-da bolmady, idän-de“». Hakyna tutulan adam goýunlaryň hakyky çopany ýa-da eýesi däldir. Şonuň üçin ol möjegiň gelýänini görse, goýunlary taşlap gaçýandyr. Möjek süriniň üstüne çozup, olary dargadýandyr. Ol adam gaçyp gider, sebäbi ol hakyna tutulandyr. Ol goýunlar hakda hiç hili alada etmez.
Выбор основного перевода