Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
Параллельные места
Midýan täjirleri ol ýerden geçip barýarkalar, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ony ýigrimi kümüş teňňä ysmaýyllara satdylar. Olar bolsa Ýusuby Müsüre alyp gitdiler. Eger öküz guly ýa--da gyrnagy süsüp öldürse, öküz eýesi guluň hojaýynyna altmyş bäş mysgal kümüş jerime tölesin. Mal bolsa daşlanyp öldürilsin. Şoňa görä meniň üçin Liwanda kedr agaçlarynyň kesilmegini tabşyr. Meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler. Işçileriňe näçe diýseň, şonça-da hak töläýin; çünki özüň bilýärsiň, biziň aramyzda sidonlylar ýaly agaç kesip bilýän adam ýok». Ýudas olardan: «Eger men Isany siziň eliňize tabşyrsam, maňa näme berersiňiz?» diýip sorady. Olar hem Ýudas otuz teňňe kümüş çekip berdiler. Şonda Ýermeýa pygamber arkaly aýdylan şu söz berjaý boldy: «Rebbiň maňa buýruşy ýaly, ysraýyl halkynyň Oňa kesen nyrhyny – otuz kümüş teňňesini alyp, küýzegäriň ýerini satyn aldylar». Şonda Ýermeýa pygamber arkaly aýdylan şu söz berjaý boldy: «Rebbiň maňa buýruşy ýaly, ysraýyl halkynyň Oňa kesen nyrhyny – otuz kümüş teňňesini alyp, küýzegäriň ýerini satyn aldylar».
Выбор основного перевода