Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çölde ähli ysraýyl halky Musa we Haruna igenmäge başlady. Olar şeýle diýdiler: «Biz Rebbiň elinden Müsürde ölen bolsak gowy bolardy. Biz ol ýerde etli gazanlar ataryp, doýýançak nahar iýerdik. Siz bolsa bu tutuş jemagaty açlykdan öldürmek üçin çöle getiripsiňiz». «Men ysraýyllaryň nalyşyny eşitdim. Olara aýt: agşamyna et iýersiňiz, ertirine bolsa çörekden doýarsyňyz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz». Agşam bedeneler uçup gelip, düşelgäni bürediler. Ir ertir bolsa, düşelgäniň töweregine çyg düşdi. Çyg sowlanda, çölüň ýüzünde gyrawa meňzeş maýda inçe patrak ýaly zat galdy. Ysraýyllar muny görende, biri-birlerinden: «Bu näme?» diýşip soradylar. Çünki olar munuň nämedigini bilmeýärdiler. Musa olara: «Bu size Rebbiň iýmäge beren çöregi. Ysraýyllaryň ornaşan ýurdy bolan Kengan topragyna baryp ýetýänçäler, olar kyrk ýyllap manna iýdiler. Muňa garamazdan, Ol asmana buýurdy, gökleriň gapylaryny açyp goýberdi. Olar iýer ýaly üstlerine manna ýagdyrdy, olara gökleriň gallasyny iberdi. Adam ogullary perişdeleriň çöregini iýdi, Ol olara bolelin iýmit iberdi. Göklerde gündogar ýelini Ol öwüsdirdi, kuwwaty bilen günorta ýelini Ol gönükdirdi. Et ýagdyrdy üstlerine bir tozan kimin, ganatly guşlary – deňiz çägesi kimin. Bulary gaçyrdy çadyrlarynyň aralaryna, mesgenleriniň daş-töweregine. Olar gerk-gäbe iýip doýdular, sebäbi Ol olaryň küýsän zadyny berdi. Emma heniz isleglerinden el götermänkä, iýmitleri heniz agyzlaryndaka, Hudaýyň gazaby olaryň üstünden indi. Ol olaryň iň daýawlaryny öldürdi, Ysraýylyň nowjuwanlaryny ýere gaplady. Emma şonda-da günälerini dowam etdiler, Onuň gudratlaryna ynanmadylar. Şoňa görä, olaryň günlerini puja çykardy, ýyllaryny howp-hatara gaplady. Olary öldüren mahaly Ony agtarýardylar, toba edip, erjellik bilen Ony gözleýärdiler. Olar Hudaýyň özleriniň gaýasydygyny Beýik Hudaýyň özleriniň Penakäridigini ýatlaýardylar. Emma Isa oňa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem Rebbiň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýar“ diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi. Şonuň üçin Sen maňa sežde etseň, bularyň bary Seniňki bolar» diýdi. Olaryň bary gökden inen şol bir iýmiti iýdiler.
Выбор основного перевода