Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýerden önýän önümleriň ondan biri: dänemi ýa-da miwe – parhy ýok, olaryň bary Rebbiňkidir. Olar Rebbe bagyş edilendir. Sebäbi Men lewilere paý edip, ysraýyllaryň Maňa sadaka hökmünde berýän ondan birini berdim». Şonuň üçin hem, Men lewilere ysraýyl halkynyň arasyndan miras bermerin diýdim. Her üçünji ýylyň ahyrynda ýeriňizden önýän önümlerden şol ýyl üçin tutuş ondan birini beriň we olary galalaryňyzda ýygnap goýuň. Siziňki ýaly ýer paýy we mülki ýok lewiler, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekler, ýetimler we dullar gelip, ondan iýip doýsunlar. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň etjek ähli işleriňize bereket berer. Bütin halk, hatda Ybraýymyň neslinden bolanlar-da Mukaddes Kanuna görä öz gazançlarynyň ondan birini diňe lewi tiresinden bolan ruhany doganlara bermelidiler. Sebäbi Mäliksadyk Ybraýymy garşylan mahaly Lewi entek ata-babasynyň bilindedi. Şeýlelikde, eger kämillige lewi ruhanylygy arkaly ýetilýän bolsa, onda başga bir ruhanynyň gelmegi nämä gerekdi? Mukaddes Kanuna görä, lewi tiresi ruhanylyk etmelidi, emma bu ruhanylyk arkaly hiç kim kämil bolup bilmeýärdi. Şonuň üçin hem Harun ýaly däl-de, Mäliksadyk ýaly ruhanynyň gelmegi gerekdi.
Выбор основного перевода