Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol gün olar halka Musanyň kitabyny okap berdiler. Kitapdan: «Ammon ýa-da Mowap halky Hudaýyň halkyna asla goşulmaly däldir» diýen ýazgyny tapdylar. Çünki olar ysraýyl halkyny çörek we suw bilen garşylaman, gaýtam, olary näletlesin diýip, Bilgamy hakyna tutdular. Ýöne Hudaýymyz näleti ýalkanyşa öwürdi. Bowaz: «Eger-de sen Nagomynyň ýerini satyn alaýsaň, onda mowaply dul aýal Ruta öýlenmeli bolarsyň. Çünki Rutdan çaga dünýä inse, şol ýer çaganyň adyna geçer we öleniň ady dikeldiler» diýdi.
Выбор основного перевода