Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyllar Ogy, onuň ogullaryny we bütin goşunyny ýekeje adam goýman gyryp, onuň ýurduny eýelediler. ýurduň ilatynyň hemmesini kowup çykarsynlar. Olaryň ähli daş we guýma butlaryny döwsünler, seždegählerini ýok etsinler. «Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar jemi ýedi milletdir. Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berende, siz olary dargadyp, bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz. Olar bilen äht baglaşmaň we olara rehimdarlyk etmäň. Galadaky olja alnan ähli zatlary we mal-garalary özlerine aldylar. Ilatyny bolsa iň soňkusyna çenli gylyçdan geçirip gyrdylar, ýekejesini hem diri galdyrmadylar.
Выбор основного перевода