Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Ysraýyl halkyna aýt: „Gury ýerde ýaşaýan jandarlaryň arasyndan siziň iýip biljekleriňiz şulardyr: goşatoýnakly, gäwüşeýän islendik haýwany. «Ysraýyl halkyna aýt: „Gury ýerde ýaşaýan jandarlaryň arasyndan siziň iýip biljekleriňiz şulardyr: goşatoýnakly, gäwüşeýän islendik haýwany. Emma gäwüş gaýtarýan haýwanlardan ýa-da goşatoýnakly haýwanlardan düýäni, atýalmany we towşany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarýarlar, emma olar goşatoýnakly däldirler, bular siziň üçin haramdyr. Emma gäwüş gaýtarýan haýwanlardan ýa-da goşatoýnakly haýwanlardan düýäni, atýalmany we towşany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarýarlar, emma olar goşatoýnakly däldirler, bular siziň üçin haramdyr. Emma gäwüş gaýtarýan haýwanlardan ýa-da goşatoýnakly haýwanlardan düýäni, atýalmany we towşany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarýarlar, emma olar goşatoýnakly däldirler, bular siziň üçin haramdyr. Goşatoýnaklydygyna garamazdan, doňuz hem toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu siziň üçin haramdyr. Siz olaryň etini iýmäň we läşini-de ellemäň. Suwda ýaşaýan ähli jandarlardan şulary iýip bilersiňiz: akar suwda ýa-da deňizdedigine garamazdan, ýüzgüçli hem teňňeli jandarlaryň islendigini iýip bilersiňiz. Suwda ýaşaýan islendik ýüzgüçsiz we teňňesiz süýrenijiler we deňizdäki beýleki kiçi jandarlaryň ählisi siziň üçin nejisdir. Bu jandarlar ysraýyl halky üçin nejisligine galsyn. Olaryň etini iýmäň, olaryň maslygyna galtaşmaň. Suwda ýaşaýan ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlaryň bary siziň üçin nejisdir. Guşlardan şu aşakdakylar siziň üçin nejisdir: bürgüt, garaguş we derýa bürgüdi; çaýçaňňalak, laçynyň ähli görnüşleri, garganyň ähli görnüşleri, düýeguş, hüwi, çarlak, gyrgynyň ähli görnüşleri; çaýçaňňalak, laçynyň ähli görnüşleri, garganyň ähli görnüşleri, düýeguş, hüwi, çarlak, gyrgynyň ähli görnüşleri; çaýçaňňalak, laçynyň ähli görnüşleri, garganyň ähli görnüşleri, düýeguş, hüwi, çarlak, gyrgynyň ähli görnüşleri; baýguş, jüptün, uly baýguş, ak baýguş, gotan we dazzarkel, leglek, hokgaryň ähli görnüşleri, hüýpüýpik we ýarganat. baýguş, jüptün, uly baýguş, ak baýguş, gotan we dazzarkel, leglek, hokgaryň ähli görnüşleri, hüýpüýpik we ýarganat. baýguş, jüptün, uly baýguş, ak baýguş, gotan we dazzarkel, leglek, hokgaryň ähli görnüşleri, hüýpüýpik we ýarganat. Dört aýakly, ganatly mör-möjekleriň hemmesi siziň üçin nejisdir. Ýöne dört aýakly ganatly mör-möjeklerden ýerde böker ýaly aýagy bogunlylaryny iýip bilersiňiz. Olardan çekirtge görnüşlileri, çöl çekirtge görnüşlileri, jyzlan görnüşlileri, ýaşyl çekirtge görnüşlileri iýip bilersiňiz. Emma galan dört aýakly, ganatly mör-möjekleriň bary siziň üçin nejisdir. Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn. Kimde-kim bularyň maslygynyň islendik bölegini göterse, ol eşiklerini ýuwsun we agşama çenli haram saýylsyn. Toýnakly bolup, emma toýnagy ýaryk bolmadyk ýa-da gäwüş gaýtarmaýan her bir haýwan siziň üçin haramdyr. Dört aýakly jandarlaryň arasynda penjesini ýere urup ýöreýänleriniň bary siziň üçin haramdyr. Kimde-kim bu haýwanlaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn. Olaryň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram saýylsyn. Çünki bu haýwanlar siziň üçin haramdyr. Guryýer süýrenijilerden şular: ýalman, syçan, görnüşine görä uly suwulgan, hažžyk, zemzen, suwulgan, çäge suwulgany we hameleon siziň üçin haramdyr. Guryýer süýrenijilerden şular: ýalman, syçan, görnüşine görä uly suwulgan, hažžyk, zemzen, suwulgan, çäge suwulgany we hameleon siziň üçin haramdyr. Süýreniji jandarlardan şular size haramdyr. Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn. Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat: agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun – parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar. Eger bu jandarlaryň biriniň maslygy islendik toýun gabyň içine düşse, onuň içindäki ähli zat haraplanar we ol gaby döwüň. Islendik iýmit şular ýaly gapda ýuwulsa, ol iýmit haraplanar. Şular ýaly gapdan içilýän islendik içgiler-de haraplanar. Olaryň maslygynyň bir böleginiň üstüne gaçan islendik zat haraplanar. Tamdyrdygyna ýa-da ojakdygyna garamazdan, ol ýykylmalydyr. Olar harapdyr we siziň üçin hem harap bolmalydyr. Muňa garamazdan, çeşme ýa-da guýy halallygyna galar, emma bu jandarlaryň maslygyna galtaşan islendik adam we islendik zat haraplanar. Eger olaryň maslygynyň bir bölegi, ekilmek üçin aýry goýlan islendik tohumyň üstüne gaçsa, ol halallygyna galýandyr. Emma olaryň maslygynyň bir bölegi ezilen tohumyň içine gaçsa, onda tohum siziň üçin harapdyr. Eger halal jandarlaryň biri ölüp, onuň maslygyna galtaşan her kes, agşama çenli haram saýylsyn. Onuň etinden iýen adam, eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn; onuň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn. Guryýer süýrenijileriň bary siziň üçin nejisdir. Olar iýilmeli däldir. Siz garnynda süýşýän süýrenijileri, dört aýakly ýa-da köp aýakly süýrenijileri iýmeli dälsiňiz. Çünki olar siziň üçin nejisdirler. Süýrenip ýöreýän jandarlardan haýsydyr birini iýip, siz özüňizi haram etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin. Şonuň üçin hem siz tämizlenip, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, özüňizi haram etmäň. Men – Reb sizi Müsür topragyndan siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp geldim. Siz mukaddes bolmalysyňyz, çünki Men mukaddesdirin“». Petrus: «Ýok, Rebbim! Ýahudy kanunyna görä, men hiç haçan haram zat iýen däldirin» diýdi.
Выбор основного перевода