Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Reb şeýle diýýär: «Men gazalylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Olar tutuş jemagaty edomlylaryň eline bermek üçin ýesir edip äkitdiler. Muňa görä Gaza diwaryna ot ýagdyraryn, ot onuň galalaryny ýakyp kül eder. Ýok ederin Aşdodyň ilatyny, Aşkelonda eli şa hasaly hökümdary. Golumy Ekronyň garşysyna öwrerin, heläk ederin piliştlileriň aman galanyny». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Ony görüp, Aşkelon gorkar, Gaza yzadan ýaňa jebir çeker, umytdan düşen Ekron-da şeýle eder. Gazanyň şasy ýok ediler, Aşkelon ilatsyz galar. Aşdotda dürli milletlerden garyşan halklar ýaşar, Men piliştlileriň tekepbirliginiň soňuna çykaryn. Alaryn agyzlaryndan ganly etlerin, dişleriniň arasyndan nejisliklerin. Aman galanlar Hudaýymyza degişli bolar, Ýahudanyň tiresi ýaly bolar, Ekron ýabuslar kimin bolar.
Выбор основного перевода