Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn». Bütin dünýä hakda edilen karar budur, ähli milletlere tarap uzan el budur. Reb siz barada şeýle buýruk berýär: «Adyňyzy dowam etdirer ýaly, sizden zürýat önmez. Hudaýlaryňyzyň buthanasyndaky oýma, guýma butlary ýok ederin. Siziň gabryňyzy taýynlaryn, çünki siz ýigrenjisiňiz». Duşmanlar Ysraýyly talap, haraba öwrüp, üzüm şahalary dek sypyran bolsalar-da, Reb Ýakubyň şöhratyny, Ysraýylyň beýikligini öňküsi ýaly dikelder. Seni görenleriň bary gaçyp, şeýle diýerler: „Ninewe haraba öwrüldi, Kim onuň ýasyny tutar?“ Saňa teselli berjekleri nireden tapaýyn?» Şol ýerde ýanyp kül bolarsyň, sen gylyçdan ölersiň, seni çekirtgäniň ekini ýalmaýşy dek ýalmar. Çekirtgelerçe köpel, teneçirlerçe örňe!
Выбор основного перевода