Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy. Men şonda çagyrdym Rebbi: «Ýa Reb, ýalbarýaryn, halas et meniň janymy!» Reb dogry we merhemetli, biziň Hudaýymyz rehimli. Reb goraýar sada ynsany, tapdan düşenimde, Ol meni halas eýledi. Rahatlygyňa öwrül, eý, meniň janym, çünki Reb saňa jomartlyk etdi. Rebbiň sadyklarynyň ölümi Onuň üçin nähili agyr! Emma siz hiç zatsyňyz, işleriňiz-de biderek; sizi saýlan ýigrenjidir. Gökleri ýaradyp, olary geren, ýeri we ondakylary ýaýan, ondaky ynsanlara dem beren, onda gezýänlere jan beren Hudaý şeýle diýýär: Ýeri Öz gudraty bilen ýaradan Rebdir. Ol paýhasy bilen dünýäni berkarar etdi, akyly bilen gökleri ýaýdy. Hünärmendiň ýasan oýma we guýma butlarynyň, ýalançylygy öwretmekden başga ne haýry bar? Ýasalan zat diňe but bolup, gepläp bilmese-de, hünärment öz ýasan zadyna bil baglaýar. Agaja: «Oýan!», dilsiz daşa: «Tur!» diýýäniň, dat gününe! But ýol görkezip bilermi? Altyn-kümşe gaplanandyr ol, ýöne içinde jany bolmaz. Emma Özüniň mukaddes ybadathanasyndadyr Reb, goý, bütin dünýä dymsyn Onuň öňünde! Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz.
Выбор основного перевода