Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbe nagma aýt, eý, tutuş ýer ýüzi! Onuň halas edýändigini günsaýyn buşlaň! Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny, ähli halklara – gudratly işlerini. Çünki Reb beýik, Ol belent sena mynasyp, biziň seždämize diňe Ol laýyk. Ol milletleriň hudaýlaryndan has wehimlidir. Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur, emma gökleri Reb ýaradandyr. Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, Onuň mekanyndadyr şatlyk we kuwwat. Eý, halklaryň tireleri, Rebbi wasp ediň, Rebbiň şöhratyny, güýjüni öwüň! Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň, gurbanlyk getirip, huzuryna giriň. Rebbe şanly mukaddesliginde siz sežde ediň; eý, ýer ýüzündäkiler, Onuň öňünde titräň. Berk berkarar edildi dünýä, ol sarsmaz asla. Goý, gökler begensin, ýer hem şatlansyn. Milletler: «Reb – Patyşa!» diýsin. Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin. Meýdan we ondaky bar zatlar şatlykdan joşsun. Şonda tokaý agaçlary Rebbiň öňünde nagmalar aýdar. Çünki Ol dünýä kazylyk etmäge gelýär. Aýdyň Oňa täze nagmany, şadyýan gygyryşyp, ussatlarça çalyň öz sazyňyzy. Rebbe täze nagmany aýdyň, çünki Ol gudratly işleri etdi. Goly, mukaddes goly, Oňa ýeňiş getirdi.
Выбор основного перевода