Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýöne faraon ýagşyň, dolynyň we gök gürrüldisiniň kesilenini görende, ýene-de günä etdi. Faraon we onuň emeldarlary ýene-de doňýürekligini etdiler. Olar Musa bilen dawalaşyp, ondan içer ýaly suw talap etdiler. Musa olara: «Näme üçin siz meniň bilen dawalaşýarsyňyz? Näme üçin siz Rebbi synaýarsyňyz?» diýdi. Emma halk gaty suwsapdy. Olar Musa igenip, oňa şeýle diýdiler: «Näme üçin sen bizi Müsürden alyp gaýtdyň? Bizi, çagalarymyzy we mal-garalarymyzy suwsuzlykdan öldürmek üçin getirdiňmi?» Şeýlelikde, Musa Rebbe dady-perýat edip: «Men bu halky näme edeýin? Olar meni daşlap öldürmäge taýýar ahyryn» diýdi. Reb Musa: «Ysraýyllardan birnäçe ýaşulyny ýanyňa alyp, halkyň öňünden ýöre. Nil derýasyna uran hasaňy hem eliňe alyp git. Men Horepdäki gaýada seniň öňüňde duraryn. Gaýany ur, ondan suw çykar. Şeýdip, adamlar suw içip bilerler» diýdi. Musa ysraýyl ýaşulularynyň arasynda şeýle etdi. Ysraýyllar: «Reb biziň aramyzdamy ýa-da ýok?» diýip dawalaşyp, Rebbi synadylar. Şol sebäpli Musa ol ýeri Masa we Meriba diýip atlandyrdy. Olaryň düşlän ýerinde suw ýokdy, onsoň jemagat Musa bilen Harunyň garşysyna toplandy. Olar Musa bilen dawalaşyp, şeýle diýdiler: «Rebbiň huzurynda dogan-garyndaşlarymyz ölende, biz hem gyrlan bolsak gowy bolardy! Näme üçin siz Rebbiň halkyny bu çöl-beýewana alyp geldiňiz? Bizi we mal-garalarymyzy bu ýere gyrmak üçin getirdiňizmi? Näme üçin siz bizi bu ýowuz ýere Müsürden alyp gaýtdyňyz? Bu ýerde ne ekin, ne injir, ne üzüm, ne-de nar biter, munda hatda içmäge suwam ýok ahyryn!» Onsoň Musa bilen Harun jemagatyň öňünden gitdiler we Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine baryp, ýere ýüzin ýykyldylar. Rebbiň şöhraty bulara göründi. Reb Musa şeýle diýdi: «Hasany al we doganyň Harun bilen halky ýygna. Onsoň olaryň gözüniň alnynda gaýa: „Suw ber!“ diýip buýruk ber. Şeýdip, halka gaýadan suw çykaryp berersiň we olaryň mallaryny suwa ýakarsyň». Musa Rebbiň buýruşy ýaly baryp, hasany aldy. Onsoň Musa Harun bilen bile halky gaýanyň öňüne ýygnap, olara: «Gulak goýuň, eý, pitneçiler! Biz indi siziň üçin şu gaýadan suw çykarmalymy?» diýdi. Soňra Musa elini ýokary galdyryp, hasasy bilen gaýany iki gezek urdy welin, gaýadan şaglap, suw akyp başlady. Bütin halk we olaryň mallary suwdan gandylar. Emma Reb Musa bilen Haruna: «Maňa doly ynanman, ysraýyllaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesligimi ykrar etmändigiňiz üçin, siz bu jemagaty olara beren ýurduma getirip bilmersiňiz» diýdi. Ysraýyl halky bu ýerde Reb bilen dawa edeni üçin, bu suwuň çykan ýerine Meriba diýip at berildi. Ol ýerde Reb Öz mukaddesligini görkezdi. Masada edişiňiz ýaly, Hudaýyňyz Rebbi synamaň. Näme üçin siz müsürlileriň we faraonyň edişi ýaly doňýüreklik edýärsiňiz? Tä ysraýyllara Müsürden çykmaga ygtyýar berýänçäler, olaryň nähili aňkasyny aşyrandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.
Выбор основного перевода