Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Siziň sözleriňizi eşidip, Rebbiň gaty gahary geldi we ant içip: „Meniň siz üçin ata-babalaryňyza söz beren gowy ýurdumy Ýepunne ogly Kalepden başga bu pis nesliň hiç biri görmez. Muny diňe Kalep görer. Men-Rebbe ýürekden wepalydygy üçin Men oňa we onuň nesillerine aýak basan ýurduny berjek“ diýdi. Çünki siz entek Hudaýyňyz Rebbiň salamatlyk we mülk berjek ýerine baryp ýetmediňiz. Hudaý: «Olar dynçlyk mekanyma girmezler» diýip, kimler hakda kasam etdi? Özüne tabyn bolmaýan adamlar hakda dälmi näme? Biz bolsa iman edendigimiz üçin, dynçlyk mekanyna gireris. Iman etmedikler hakda bolsa Hudaý şeýle diýdi: «Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip, Öz gazabymda Men kasam etdim». Ol bu ýeriň hatda dünýä ýaradylaly bäri taýyn edilendigini aýtdy. Emma ýene ýokarda aýdylanlar gaýtalanýar: «Olar dynçlyk mekanyma asla girmezler».
Выбор основного перевода