Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eýsem öz ýalňyşyny kim aňyp bilýär? Meni gizlin ýazyklardan tämizle. Sen bulary etdiň, Men gürlemedim, sen Maňa hem özüň ýalydyr öýtdüň. Emma Men saňa käýärin, göz alnyňda etmişleriňi goýaryn. Çünki Meniň gözlerim olaryň edýän pis işlerindedir. Olar Meniň huzurymdan gizlenip bilmez, etmişleri nazarymdan sypmaz. Bularyň hemmesi Hudaý adamlaryň ýaşyryn işlerini we pikirlerini Isa Mesih arkaly kazylyk etjek gününde aýan bolar. Bularyň bary wagyz edýän Hoş Habarymda beýan edilendir. Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.
Выбор основного перевода