Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ertir bilen agşam aralygynda ýitirim bolýarlar, hiç kimiň gözüne ilmän ebedi ýok bolýarlar. Ol gül kimin açylýar, solýar, kölege kimin ýitýär, yz galmaýar. Düýş kimin uçup giderler, gijeki görnüş kimin gaýyp bolarlar. Olary gorky basýar sil kimin, gijesine tüweleý uçuryp äkidýär. Eý, Taňry Sen peýda bolan wagtyňda, düýş görüp oýanylan pursatdaky deý, puja çykararsyň hyýallaryny. Emma erbetler ot deý gögerseler-de, betkärler gülleseler-de, olar baky weýrançylyga höküm edilen. Ynsan ömri ota meňzeýär, meýdan güli kimin olar gülleýär, «Jar et!» diýýär bir ses. Men: «Nämäni jar etmeli?» diýdim. Ähli ynsanlar otluk kimindir, olaryň gözelligi meýdan güli kimindir. Reb demini üflände, ot guraýar, gül solýar. Hakykatdan hem, halk otlukdyr. Ot guraýar, gül solýar, emma Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar. «Size göwünlik berýän Mendirin, näme üçin ölümli ynsandan, ot kimin solýan adam oglundan gorkýarsyňyz? Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar? Gün çykyp, howurly yssysy bilen oty guradýar, onuň güli dökülip, gözelligi ýok bolýar. Edil şunuň ýaly baý hem öz işi bilen gümra bolup, baýlygy bilen bile ýok bolup gider.
Выбор основного перевода