Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Hamana diňe Mordekaýyň özüne el gatmaklyk ýeterlik däldi. Şeýlelikde, Mordekaýyň haýsy halkdandygyny oňa mälim edenlerinden soň, Haman Kserksiň bütin patyşalygyndaky ähli ýahudylary, Mordekaýyň tutuş halkyny ýok etmegiň küýüne düşdi. Eger patyşa oňlasa, goý, olaryň ýok edilmegi barada bir perman ýazylsyn. Patyşanyň hazynalaryna goýmak üçin, men patyşanyň hazynadarlarynyň eline on ýedi müň batman kümüş bererin». Öz-özlerine şeýle diýdiler: «Olaryň baryny tabyn edeliň». Hudaýyň ýurdundaky ähli ybadat öýlerini oda berdiler. Men bolsam damagy çalynmaga äkidilen ýuwaş bir guzy kimindim. Olaryň: «Geliň, agajy miwesi bilen ýok edeliň, mundan beýläk onuň ady ýatlanmaz ýaly, ony dirileriň ýurdundan kesip taşlalyň» diýip, meniň garşyma hile gurýandyklaryny bilmedim. Indi Mowaba öwgi aýdylmaz; Heşbonda oňa garşy dildüwşük gurdular: „Geliň, millet bolmaz ýaly, ony ýok edeliň“ diýdiler. Eý, Madmen, seniň sesiň gapylar, gylyç seni kowalar. Şundan soň ýahudylar we başga milletler özleriniň ýolbaşçylary bilen birlikde resullaryň üstüne topulyp, olary daşlamakçy boldular.
Выбор основного перевода