Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyllar Rebbiň Musa buýruşy ýaly, midýanlar bilen urşup, olaryň ähli erkek göbeklisini gyrdylar. Men bolsa harby serkerde Siserany, onuň söweş arabalaryny, agyr goşunyny Kişon derýasyna tarap getirip, seniň eliňe berjek“». Baragyň goşuny bilen Siseranyň goşuny söweşip başlanda, Reb Siseranyň esgerlerini we söweş arabalaryny derbi-dagyn etdi. Sisera arabasyndan düşüp, pyýadalap gaçdy. Barak Siserany yzarlap, çadyryň ýanyna geldi. Ýagel ony görüp, öňünden çykdy-da: «Gel bärik, men saňa ýitgiňi tapyp bereýin» diýdi. Barak Ýageliň ýanyna girende, çekgesinden gazyk geçirilen, jansyz ýatan Siserany gördi. Kişonyň akymy – bu gadymy derýa olary gark etdi. Eý, janym! Güýjüňi jemläp, öňe git! Üç ýüz adamyň surnaý çalan wagtyndan başlap, Rebbiň emri bilen düşelgedäki midýanlar biri-birini gylyçlap öldürdiler. Midýanlaryň goşuny Serera tarap Beýtşitta çenli, Tabadyň golaýyndaky Abelmeholanyň serhedine gaçdy. Olaryň agyr boýuntyrygyny, gerişlerindäki serdessesini, sütemkeşleriniň hasasyny döwdüň midýanlaryň başyna getiren günüň dek.
Выбор основного перевода