Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar gabra getirilende, mazarlarynyň başynda sakçy goýulýar. Ýöne ynsan hormatda galmaz, ol ýok bolup gidýän haýwanlar ýalydyr. «Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň. Sen Danyýelden has akyllysyň, hiç bir syr senden gizlin däldir. Sen danalygyň we düşünjäň bilen baýlyk edindiň, hazynalaryňda altyn, kümüş topladyň. Söwdada çuň danalygyň bilen baýlygyňy köpeltdiň, baýlygyňdan ýaňa ýüregiňi gedem tutduň“». Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen ýüregiňi bir hudaý ýaly tutduň. Munuň üçin Men gelmişekleri, milletleriň iň rehimsizini seniň üstüňe getirerin; olar seniň ajaýyp danalygyňy gylyç bilen kesip, şan-şöhratyňy harlarlar. Seni gabra indererler; sen deňizleriň goýnunda wagşy ölüme duçar bolarsyň. Sen özüňi öldürenleriň huzurynda-da: „Men hudaý“ diýersiňmi? Özüňi öldürenleriň elinde sen hudaý dälsiň, ynsansyň. Sen gelmişekleriň elinde sünnetsizleriň ölümi bilen heläk bolarsyň, sebäbi Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär». Şeýlelikde, suwlaryň ýakasynda ýetişen hiç bir agaç boý alyp, belende çykmaz ýa-da başlary buluda ýetmez we bol suw içip ösen hiç bir agaç beýle belentlige ýetmez. Olaryň bary gabra inýän ähli ynsanlar bilen birlikde ölüler dünýäsine ýeriň teýine inderildiler».
Выбор основного перевода