Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma gul: „Men hojaýynymy, aýalymy we çagalarymy söýýärin. Men azatlyga çykjak däl“ diýip jar etse, hojaýyn ony Hudaýyň huzuryna getirsin. Ony gapynyň ýanyna ýa-da bosaga getirip, temen bilen gulagyny deşsin. Soň ol gul hojaýynyna ömürboýy hyzmat eder». «Rebbiň tutuş jemagaty şeýle diýýär: „Bu nähili dönüklik? Siz Ysraýyl Hudaýy Rebbiň garşysyna çykdyňyzmy? Siz Rebbe gulluk etmekden ýüz öwürdiňizmi? Siz öz gurbanlyk sypaňyzy gurup, Rebbe garşy baş göterýäňizmi? Biziň üçin Pegoryň kanuny bozany azmy näme? Çünki ol Rebbiň jemagatyna gyrgyn keselini getirdi. Biz entekler hem ondan tämizlenip bilemzok. Bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzurynda häzir bolmaga gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen geldi. Hudaýlar Hudaýyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky. Taňrylar Taňrysyna şükür ediň, Onuň söýgüsi baky. Hemmeler ekin meýdandan peýda görýär, hatda patyşa hem ondan girdeji alýar. Reb dawa tutmaga ýerinden galýar, halklara kazylyk etmek üçin aýaga galýar. Hatda ýerde ýa gökde «hudaý» diýlip atlandyrylýanlar bar bolaýsa-da (aslynda «hudaýlar» hem «hökümdar» saýylýanlar köpdür),
Выбор основного перевода