Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen halkyňy getirip, Öz dagyňda oturdarsyň. Ýa Reb, bu ýeri Öz öýüň üçin saýlarsyň. Ýa Reb, mukaddes öýi Özüň bina edersiň. Milletleri kowup Öz eliň bilen, Sen atalarymyza ýer berdiň. Halklary wes-weýran edip, Sen atalarymyzy ýaýratdyň. Söýgülime üzümçilik hakdaky söýgi nagmamy aýdaýyn: mes toprakly depede söýgülimiň üzümçiligi bar. Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi. Ekipdim seni iň oňat tohumdan saýlama üzüm agajy hökmünde. Eýsem nädip sen azyp, öwrüldiň ýabany üzüm agajyna? Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men tokaý agaçlarynyň arasyndan üzüm agajyny odun hökmünde nädip ýakan bolsam, Iýerusalimiň ilatyny-da şeýdip oda ýakaryn. Ol gögerip, pessejik boýly ýaýraň üzüm agajyna öwrüldi, şahalary özüne tarap egildi, kökleri öz astyndady. Şeýdip, bu üzüm agajy boldy, şahalady, pudak çykardy. Eneň bagdaky üzüm agajy kimin suwlaryň boýunda ekilipdi, ol bol suwlardan ýaňa hasylly we gür şahalydy. Soňra Isa olara tymsallar bilen gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin, üzümi sykmaga bir çukur gazýar we bir sany gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak ýola gidýär.
Выбор основного перевода